Owganystan Türkmenistana milli önümlerini eksport etmegi meýilleşdirýär

10:5227.06.2024
0
41346
Owganystan Türkmenistana milli önümlerini eksport etmegi meýilleşdirýär
Surat: eco-juice.ru

Türkmenistanyň Owganystandaky (Hyrat şäheri) baş konsuly Batyr Ýolow Hyrat welaýatynyň häkimi Nur Ahmad Islamjar bilen duşuşdy.

25-nji iýunda bolan duşuşykda Nur Ahmad Islamjar owgan tarapynyň Owganystan — Türkmenistan — Gazagystan — Hytaý ugry boýunça ýük daşamagy güýçlendirmek, şeýle hem owgan miwelerini, gök önümleri we gury iýmişleri Türkmenistana eksport etmegi ýola goýmak isleýändigini aýtdy.

Diplomat öz gezeginde Türkmenistanyň iki goňşy ýurduň arasynda söwda-ykdysady gatnaşyklary, ulag hem-de logistika hyzmatdaşlygyny ösdürmäge taýýardygyny belledi.

«Baghtar News»-iň habar berşi ýaly, türkmen diplomaty Türkmenistanyň 120 ýük awtoulagynyň täjirçilik harytlary bilen gündelik ýükleri Turgundi serhet geçelgesinden (Owganystan) geçmäge taýýardygyny mälim etdi we «Nur-Jihad» kiçi elektrik bekediniň abatlaýyş işleriniň tamamlanandygyny habar berdi.

Nur Ahmad Islamjar TOPH gaz geçiriji taslamasynyň durmuşa geçirilmegini çaltlaşdyrmagyň möhümdigini aýtdy. Şeýle hem häkim Owganystandan, Türkmenistandan we Gazagystandan transport kompaniýalarynyň gatnaşmagynda üçtaraplaýyn duşuşyk geçirmegiň zerurdygyny belledi. Duşuşykda Hytaý — Gazagystan — Türkmenistan ugrundaky ýük gatnawy meselesi hem ara alnyp maslahatlaşyldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň