Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýäniň milli goranmak ministrini kabul etdi

23:3126.06.2024
0
10190
Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýäniň milli goranmak ministrini kabul etdi
Surat: tdh.gov.tm

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň milli goranmak ministri Ýaşar Güleri kabul etdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda Türkiýe Respublikasy Türkmenistanyň iri söwda-ykdysady hyzmatdaşlarynyň biri bolup durýar hem-de ýurduň daşary-söwda dolanyşygynda öňdäki orunlaryň birini eýeleýär. Şeýle hem merdana türkmen Watan goragçylary hünärlerini kämilleşdirmek we harby işiň öňdebaryjy usullaryny öwrenmek boýunça Türkiýe Respublikasynda geçirilýän okuwlara gatnaşýarlar. Milli goşunyň maddy-enjamlaýyn üpjünçiligini döwrebaplaşdyrmak we täze tehnologiýalary ornaşdyrmak babatda-da yzygiderli tejribe alşylýar.

Duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow hem-de Türkiýe Respublikasynyň milli goranmak ministri Ýaşar Güler bu ugurda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň