Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy we BAE-niň ykdysadyýet ministri hyzmatdaşlygy ösdürmegi maslahatlaşdylar

23:4925.06.2024
0
6852

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Aşgabada iş sapary bilen gelen Birleşen Arap Emirlikleriniň ykdysadyýet ministri Abdulla bin Tuk Al-Marri bilen duşuşygy boldy. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, duşuşykda özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegi bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Duşuşygyň barşynda döwletara gatnaşyklaryň köpugurly we uzak möhletli häsiýete eýedigi nygtaldy. Däp bolan gatnaşyklaryň özara düşünişmegiň we ýakyn hyzmatdaşlygyň ýokary derejesi bilen tapawutlanýandygy bellenildi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri iki ýurduň arasyndaky ykdysady gatnaşyklar barada aýdyp, Birleşen Arap Emirlikleriniň Türkmenistanyň söwda-ykdysady gatnaşyklary alyp barýan iň möhüm hyzmatdaş ýurtlarynyň biridigini nygtap, Aşgabatda geçirilýän Türkmen-emirlikler işewürler maslahatynyň iki ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklary, şeýle hem telekeçileriň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmäge itergi berjekdigine berk ynam bildirdi.

Abu-Dabiniň Milli nebit kompaniýasy (ADNOС) bilen işewür gatnaşyklaryň netijeli häsiýete eýedigi nygtaldy. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy milli derejede, şeýle hem üstaşyr geçiriji we sarp ediji ýurtlar üçin TOPH gaz geçirijisiniň gurluşygynyň ykdysady taýdan örän ähmiýetlidigini nygtady.

— Tebigy serişdeleriň ägirt uly gorlaryny nazara almak bilen, Türkmenistan nebitgaz ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmäge çalyşýar — diýip, Gahryman Arkadag Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy we BAE-niň işewür toparlaryny Türkmenistanda amala aşyrylýan halkara ähmiýetli taslamalary durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşmaga çagyrdy. Halk Maslahatynyň Başlygy türkmen tarapynyň BAE-den hyzmatdaşlaryň tekliplerine garamaga taýýardygyny hem tassyklady.

Hyzmatdaşlygyň geljegi barada pikir alyşmalaryň çäklerinde, türkmen halkynyň Milli Lideri we BAE-niň ykdysadyýet ministri söwda, maýa goýumlar, ulag we kommunikasiýa, «ýaşyl» energetika hem-de ekologiýa ýaly ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin giň mümkinçilikleriň bardygyny kanagatlanma bilen bellediler.

Söhbetdeşlikde şeýle hem dünýäniň atçylyk medeniýetinde naýbaşy hasaplanylýan, türkmen halkynyň milli baýlygy bolup durýan ahalteke bedewleri bilen bagly mesele ara alnyp maslahatlaşyldy. Myhman behişdi türkmen bedewleriniň gözelligine we türkmen ýigitleriniň çapyksuwarlyk sungatyna haýran galýandygyny aýdyp, ahalteke tohumyny aýawly saklamak we onuň dünýädäki şan-şöhratyny artdyrmak işinde Gahryman Arkadag Gurbanguly Berdimuhamedowyň ägirt uly hyzmatlaryny belledi.

Duşuşygyň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri we BAE-niň ykdysadyýet ministri bir-birege iň gowy arzuwlaryny beýan edip, iki doganlyk halkyň bähbitlerine laýyk gelýän deňhukukly we özara ynanyşmak ýagdaýyndaky döwletara gatnaşyklaryň mundan beýläk-de okgunly ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň