Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

ÝHHG tarapyndan Aşgabatda ilkinji lukmançylyk kömegini bermek boýunça okuw geçirilýär

12:1325.06.2024
0
10181
ÝHHG tarapyndan Aşgabatda ilkinji lukmançylyk kömegini bermek boýunça okuw geçirilýär
Surat: newscentralasia.net

24-nji iýunda Aşgabatda Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy (ÝHHG) tarapyndan guralan lukmançylyk ulgamynyň hünärmenleri üçin okuw başlandy diýlip, «Newscentralasia» ýazýar.

Okuwa uzak sebitlerde işleýän we adatdan daşary ýagdaýlarda, hadysalarda ilkinji kömegi berýän, halas ediş işlerine ýöriteleşen 24 serhetçi gatnaşýar diýlip, ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkezi habar berdi.

Bu okuw oňa gatnaşyjylaryň amaly endiklerini ýokarlandyrmaga gönükdirilip, hassahanadan öňki döwürde ilkinji kömegi bermegiň häzirki zaman we täsirli usullaryna bagyşlanýar.

Okuwyň açylşynda ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkeziniň ýolbaşçysy Jon MakGregor çykyş edip, ol: «Iň oňat halkara tejribesi islendik dogry taýýarlanan adamyň ilkinji kömegi berip biljekdigini görkezýär. Şeýlelik bilen şeýle taýýarlyk adamyň ömrüni hatda agyr ýagdaýda-da halas edip biler» diýdi.

Bu okuwy Germaniýadan gelen iki sany halkara lukmançylyk hünärmeni tarapyndan alnyp barylýar. Okuw Germaniýanyň hökümetiniň maliýe goldawy bilen merkeziň «Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň mümkinçiliklerini güýçlendirmek» atly taslamasynyň çäginde guraldy diýlip, habarda bellenilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň