Soňky habarlar

Arhiw

ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçisi M.Klimow metbugat duşuşygyny geçirdi

16:2924.06.2024
0
9022

Şu gün Aşgabatda ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçisi Mettýu Klimow ýurtdaky diplomatik missiýasynyň tamamlanmagy mynasybetli metbugat duşuşygyny geçirdi. Bu barada «Turkmenportal-yň» habarçysy habar berdi.

Çärä ýerli we halkara habar beriş serişdeleriniň wekilleri, bloggerler, raýat jemgyýetiniň wekilleri gatnaşdy.

Ýurtdaky wezipesine başlanyna takmynan 5 ýyl dolýandygyny bellän jenap Klimow, Türkmenistanda işlän döwründe ösüşe täze itergi beren amerikan-türkmen hyzmatdaşlygynyň ugurlaryny jikme-jik görkezdi.

Şol bir wagtyň özünde, M.Klimow türkmen-amerikan bilelikdäki taslamalarynyň durmuşa geçirilişi barada durup geçip, Türkmenistanyň gymmatly çeşmeleriniň, ilkinji nobatda adamlardygyny aýtdy.

Ilçi ýurduň içinde köp syýahat etdi we Türkmenistanyň islendik künjeginde duşýan çyn ýürekli, myhmansöýer, dostlukly adamlar hemişe ýakymly täsir galdyrdy. Ilçi şeýle hem ýurduň ajaýyp ýaşlarynyň bardygyny belläp geçdi: talyplar we mekdep okuwçylary bilen ençeme gezek duşuşdy, olar hemişe bilim bolan höwesleri bilen begendirdiler.

M.Klimowyň belleýşi ýaly ABŞ-nyň täze ilçisi Elizabet Rud 23-nji iýulda Türkmenistana geler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň