Türkmenistanyň Futbol federasiýasy isleg bildirýän ähli taraplary Türkmenistanyň Futbol federasiýasy üçin futbol, futzal hem-de çagalar futbol toplaryny satyn almak barada resminamalary tabşyrmaga çagyrýar. Degişli bildiriş federasiýasynyň resmi saýtynda ýerleşdirildi.
Resminamalary tabşyrmagyň möhleti 24-nji iýundan 5-nji iýula çenli dowam edýär.
Gerekli bolan resminamalaryň sanawy:
1. Kompaniýa ýa-da telekeçi barada maglumat;
2. Ýuridiki şahsyň hasaba alyş resminamalary ýa-da telekeçiniň ýuridiki resminamalary;
3. Önümiň bahasyny we beýanyny görkezýän teklipler (önümiň suratlaryny goşmak bilen);
4. Öňki müşderileriň sanawy;
5. Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasyndaky hasaba alyş tassyknamasy.
TFF-niň salgysy: 744000, Aşgabat şäheri, Berkararlyk etraby, G.Kulyýew köçesiniň 68-nji jaýy. tkm@the-afc.com
Telefon belgisi: 75-49-57.