Soňky habarlar

Arhiw

«Turkish Airlines»: çagalar bilen syýahata gitmek baradaky sowallara jogaplar

11:4721.06.2024
0
12661

«Turkish Airlines» awiakompaniýasy turkishairlines.com web saýtynda çagalar we kiçijik bäbekler bilen syýahata gitmek barada ýygy-ýygydan berilýän sowallara jogaplary tapyp bolýandygyny habar berýär.

Bu bölüm goşlary daşamagyň düzgünleri, hasaba alynmak, howa ulagynda mahalyň naharlanmak hem-de kiçi ýaşly ýolagçylara edilýän ýörite hyzmatlar baradaky maglumatlary özünde jemleýär.

«Biz ähli ýolagçylarymyz, şol sanda kiçijik çagalary bolan maşgalalar üçinem syýahatyň mümkin boldugyndan oňaýly bolmagyny gazanmaga synanyşýarys» diýip, «Turkish Airlines» awiakompaniýasynyň Türkmenistanda ýerleşýän satuw ofisiniň wekili belleýär.

«Turkish Airlines» awiakompaniýasynyň ýolagçylaryna Aşgabat — Stambul — Aşgabat gatnaw ugry boýunça uçuşlar üçin amatly nyrhlary hödürleýändigini ýatladýarys.

Iki tarapyna awiapetegiň iň pes bahasy 589 dollar. Diňe bir taraplaýyn uçmagy meýilleşdirýänler üçin bolsa gatnawyň iň pes nyrhy 352 dollardyr.

«Turkish Airlines» diňe bir amatly bahalary hödürlemän, eýsem ýolagçylaryna ýokary rahatlygy we howpsuzlygy hem üpjün edýär.

Awiakompaniýanyň gatnaw ugurlarynyň giňligi hem-de Stambuldan üstaşyr birikmeler arkaly dünýäniň islendik ýerine tiz hem-de aňsat baryp bilersiňiz.

Habarlaşmak üçin:

  • ýerleşýän salgysy: G.Kulyýew, 39-njy jaý, «Ussat» binasy;
  • elektron poçtasynyň salgysy: askabatbıletsatıs@thy.com ;
  • telefon belgisi: (+993 61) 01 44 33;
  • web saýty: turkishairlines.com.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň