Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan we BAE bilelikdäki işewürlik forumyny geçirmäge taýýarlanýar

11:0221.06.2024
0
11641

Aşgabat şäherinde Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň wekilleri bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ahmed Al Hameliniň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşykda şu ýylyň 25-nji iýunynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda geçirilmegi meýilleşdirilýän «Türkmenistan — BAE» işewürlik maslahatynyň guramaçylyk meseleleri maslahatlaşyldy. Bu barada Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň metbugat gullugy habar berýär.

Ýakyn Gündogaryň döwletleri, ilkinji nobatda, arap dünýäsiniň abraýly hem-de ykdysady taýdan ösen ýurdy bolan Birleşen Arap Emirlikleri bilen gatnaşyklary işjeňleşdirmek Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugrudyr. Bellenilişi ýaly, iki döwlet ýangyç-energetika, maýa goýum, ulag-aragatnaşyk ulgamlarynda ýakyn hyzmatdaşlyk edýärler.

Duşuşyga gatnaşyjylar yzygiderli işewür gatnaşyklar we iki ýurduň işewür toparlarynyň maslahatlary arkaly ikitaraplaýyn gatnaşyklary çuňlaşdyrmagyň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar. Şunuň bilen baglylykda, golaýda geçiriljek forum Türkmenistanyň we BAE-niň edara-kärhanalarynyň we kompaniýalarynyň arasynda hyzmatdaşlyk üçin täze mümkinçilikleri açar.

Duşuşygyň ahyrynda iki tarap hem öňde boljak işewürlik forumynyň netijeli geçjekdigine hem-de onuň özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin itergi berjekdigine ynam bildirdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň