Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen we Awstriýa kompaniýalary üwmeç we maýonez öndürmek boýunça hyzmatdaşlyga başladylar

12:5620.06.2024
0
12123

Türkmenistanyň «Nedir Gala» kärhanasy we Awstriýanyň «Spak GmbH» kompaniýasy Türkmenistanda üwmeç we maýonez önümçiligi boýunça hyzmatdaşlyga başlamak hem-de bu önümleriň Ýewropa Bileleşiginiň we Merkezi Aziýanyň ýurtlaryna eksportyny giňeltmek babatda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdiler. Bu barada tmrl.gov.tm saýtynda habar berildi.

Türkmenistanyň Awstriýadaky ilçihanasynyň geçen hepdäniň çarşenbe güni habar bermegine görä, bu resminama Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň 12-nji mejlisine gatnaşmak üçin türkmen wekiliýetiniň Awstriýanyň paýtagty Wena şäherine amala aşyran resmi saparynyň çäklerinde gol çekildi.

Habarda bellenilişi ýaly, türkmen telekçileri üçin önümçilik meýdançalaryna birnäçe gezelençler hem-de ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek we innowasion telekeçiligi, senagat tejribesini öwrenmek maksady bilen duşuşyklar guraldy.

Şeýle hem «Döwrebap ulag merkezi» hojalyk jemgyýeti logistik amallaryny sazlaşdyrmaga we olaryň netijeliligini ýokarlandyrmaga gönükdirilen Ýewropa bilen Türkmenistanyň arasynda logistika ulgamynda hyzmatdaşlyk gatnaşyklary ýola goýmak üçin «Zoloto GmbH» kompaniýasy bilen duşuşyk geçirdi diýlip, Türkmenistanyň Awstriýadaky ilçihanasynyň habarynda bellenildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň