Muhadowyň goly «Abdyş-Atany» Gyrgyzystanyň Kubogynyň ýarym finalyna çykardy

10:3920.06.2024
0
9308

«Abdyş-Ata» 19-njy iýunda geçirilen futbol boýunça Gyrgyzystanyň Kubogynyň çärýek final oýnunda «Algadan» 2:0 hasabynda üstün çykdy. Duşuşyk Kant şäherindäki «Nitro-Arena» stadionynda geçirildi. Bu barada Sport.kg ýazýar.

Duşuşygyň 40-njy minutynda Türkmenistanyň ýygyndysynyň ozalky hüjümçisi Süleýman Muhadow topy «Alganyň» derwezesine dürs gönükdirip, hasaby açdy. Oýnuň esasy wagtyna emin tarapyndan goşup berlen minutlarda bolsa Erbol Abdujaparow «Abdyş-Atanyň» hasapdaky üstünligini 2 topa çykardy.

Şeýlelikde, 2:0 hasabynda garşydaşyndan üstün çykan «Abdyş-Ata» ýaryşyň ýarym finalynda oýnamaga hukuk gazandy. Ol ýarym finalda «Talant» — «Dordoý» jübütiniň ýeňijisi bilen güýç synanyşar.

Ýeri gelende bellesek, «Abdyş-Atanyň» düzüminde Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň ýarymgoragçysy Teýmur Çaryýew hem çykyş edýär. Gyrgyzystanyň häzirki çempiony hasaplanýan «Abdyş-Ata» 2024/25-nji ýyllaryň möwsüminde AFK-nyň Çagyryş kubogynyň saýlama tapgyrynda çykyş eder. Ýaryşyň saýlama tapgyrynda «Abdyş-Ata» 13-nji awgustda öz öýünde Owganystanyň çempiony «Attack Energy» kluby bilen oýnar. Bu jübütiň ýeňijisi Aziýa yklymynyň klublarynyň arasyndaky üçünji derejeli ýaryş bolan AFK-nyň Çagyryş kubogynyň toparçalaýyn tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanar.

Mundan ozal, Türkmenistanyň futbol boýunça Ýokary ligasynda çykyş edýän klublaryň bäşisiniň Aziýanyň Futbol Konfederasiýasynyň 2024/2025-nji ýyllaryň möwsüminde geçiriljek kuboklarynda çykyş etmäge mümkinçilik berýän AFK-nyň ygtyýarlandyrmasyny alandyklaryny hem-de «Altyn Asyr» toparynyň AFK-nyň Çempionlar ligasy-2 bäsleşiginiň saýlama tapgyrynda, Arkadag şäheriniň adybir «Arkadag» toparynyň bolsa AFK-nyň Çagyryş kubogynyň toparçalaýyn tapgyrynda çykyş etjekdigini habar beripdik.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň