Türkmen animasiýasylary halkara «Annecy» festiwalynda görkeziler

12:3015.06.2024
0
15408

Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň «Mahabat» müdirligi animasiýa ugrunda ençeme ýyldan bäri işler alyp barýar.

Müdirligiň eserler dünýädäki iň meşhur animasiýa festiwallarynyň biri bolan halkara «Annecy» festiwaly atly sergi bazarynda çykyş edýär.1998-nji ýyldan bäri geçirilýän bu festiwala Türkmenistan ilkinji gezek gatnaşyp, «Ýiten top» we «Meniň oýnum» animasiýalary hödürlenýär.

Bu festiwalda «Pixar animation studios», «DreamWorks animation», «Walt Disney Animation Studio», «Illumination Animation company» we beýleki studiolarynyň gatnaşmaklarynda bir hepdäniň dowamynda döredijilikli, dürli animasiýa usullary boýunça pikir alyşylýar.

Şeýle hem bäsleşikler, premieralar, alnyp barylýan taslamalar, ussatlyk sapaklary, sergi, režissýorlaryň, prodýuserleriň we döredijilik işgärleriniň duşuşyklary ýaly çäreleri öz içine alýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň