Soňky habarlar

Arhiw

Futbol boýunça Ýewropa çempionaty badalga alýar

10:1114.06.2024
0
6383

Futbol boýunça Ýewropa çempionaty Türkmenistanyň wagty bilen şu gije sagat 00:00-da başlanjak «Allianz Arena» stadionynda badalga alar.

Ýewropa çempionatynyň ilkinji duşuşygy bolan Germaniýa ― Şotlandiýa oýnuna türkmenistanly janköýerler Russiýanyň «Matç TW» we Türkiýäniň TRT1 teleýaýlymlary arkaly tomaşa edip bilerler.

Şu ýyl goňşy yklymyň çempionatyna 24 ýygyndy gatnaşýar. Çempionat eýýäm taryhda üçünji gezek şeýle köpçülikleýin düzüm bilen geçirilýär. Ýewropa çempionatynyň «A» toparçasynda Germaniýanyň, Şotlandiýanyň, Wengriýanyň we Şweýsariýanyň, «B» toparçasynda Ispaniýanyň, Horwatiýanyň, Italiýanyň we Albaniýanyň, «C» toparçasynda Sloweniýanyň, Daniýanyň, Serbiýanyň we Angliýanyň, «D» toparçasynda Polşanyň Niderlandrlaryň, Awstriýanyň we Fransiýanyň, «E» toparçasynda Belgiýanyň, Slowakiýanyň, Rumyniýanyň we Ukrainanyň, «F» toparçasynda bolsa Türkiýäniň, Gruziýanyň, Portugaliýanyň we Çehiýanyň ýygyndylary ýaryşar.

Ýewro ― 2024-iň final bölegi Berlin, Gamburg, Gelzenkhirken, Dortmund, Dýusseldorf, Köln, Leýpsig, Mýunhen, Maýn boýundaky Franktfurt we Ştutgart şäherlerindäki stadionlarda geçiriler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň