Hindistanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň guramagynda bedenterbiýe maşky we saglyk çäresiniň çäklerinde «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda ýoga boýunça ussatlyk sapagy geçirildi.
Köp sanly ýoga muşdaklary, şeýle hem bu günler Hazaryň kenaryndaky çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezlerinde dynç alýan çagalar ýapyk akwaparkyň meýdançasyna ýygnandylar. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» saýtynda habar berildi.
Ýoga boýunça ussatlyk sapagyna Hindistanyň Türkmenistandaky ilçisi Madhumita Hazarika Bhagaty gatnaşdy. Ol bu ýere ýygnananlary mübärekläp, her ýyl 21-nji iýunda Halkara ýoga güni mynasybetli ençeme şäherlerde we ýurtlarda çäreleriň geçirilýändigini belledi. Şu sene bilen baglanyşykly 12-nji we 14-nji iýunda Türkmenabatda we Mary şäherinde şeýle sapaklar geçiriler.
Habarda bellenilişi ýaly, 21-nji iýunda Aşgabadyň Olimpiýa şäherçesinde açyk ýoga sapagy hem geçiriler.