Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Çaga hüwdüleri ululara hem tiz uklamaga kömek edip biler

15:2612.06.2024
0
9029
Çaga hüwdüleri ululara hem tiz uklamaga kömek edip biler
Surat: mir24.tv

Uky dermanlaryny ulanmazdan, uly ýaşlylara tiz uka gitmäge köşeşdiriji saz, aýratyn hem tebigatdaky sesler, nusgawy sazlar ýa-da çaga hüwdüleri kömek edip biler. Bu barada russiýaly psiholog Olga Ýeliseýewa «NEWS.ru» portalyna gürrüň berdi diýip, «MIR 24» ýazýar.

Hünärmen munuň üçin her bir adama öz halaýan sazyny saýlamagy maslahat berýär. «Hut sizi köşeşdirýän sazy saýlamak ýerlikli bolar. Size tebigatyň, älemiň sesleri, nusgawy sazlar, trans görnüşindäki saz eserleri, aýratyn hem female trance vocal sazlar kömek eder» diýip, Ýeliseýewa gürrüň berdi.

Özüň üçin iň ýaramly sazy kesgitlemek üçin, psiholog her agşam bir sazy synag edip görmegi maslahat berdi. «Şeýle hem her gün irden ukyňyzy nähili alandygyňyzy, başdan geçiren ahwallaryňyzy, ýeňil oýanandygyňyzy bellige almak gerek. Galyberse-de, saz sizi köşeşdirýärmi ýa-da darykdyrýarmy, şuny-da anyklamak möhüm» diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň