Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda «Ýaşyl» ykdysadyýet boýunça halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi

09:2210.06.2024
0
8022

«Ýaşyl» ykdysadyýetiň möhüm ugurlary: eko-, nano-, bio- we maglumat tehnologiýalary» atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi. Ylymlar gününe bagyşlanyp guralan maslahat türkmen alymlary bilen bir hatarda, 10-a golaý ýurtdan mugallymlary we ýaş alymlary bir ýere jemledi. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi.

Habarda bellenilişi ýaly, forumyň aýdym-sazly baýramçylyk çykyşlaryna beslenen açylyş dabarasy Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde geçirildi.

Maslahatyň gün tertibine ylmy barlaglaryň esasy ugurlary boýunça hyzmatdaşlygyň, täze tehnologiýalary ornaşdyrmagyň meseleleri girizildi. Umumy mejlisiň dowamynda Belarusuň, Türkiýäniň, Hytaýyň, Awstriýanyň, Ýaponiýanyň meşhur ylmy merkezleriniň wekilleri çykyş etdiler. Myhmanlar nano- we himiýa tehnologiýalary, energetika, biotehnologiýa, molekulýar biologiýa, oba hojalygy, ekologiýa, genetika ýaly ugurlarda hyzmatdaşlygyň geljegi we bilelikdäki taslamalary amala aşyrmagyň mümkinçilikleri boýunça öz garaýyşlaryny beýan etdiler.

Maslahata gatnaşan daşary ýurtly alymlar türkmen kärdeşleri bilen netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de çuňlaşdyrmaga taýýardyklaryny tassyklap, milli ösüş maksatnamalarynyň ileri tutulýan ugurlarynyň çäklerinde gatnaşyklary ösdürmek boýunça pikir alyşdylar. Foruma gatnaşyjylar Türkmenistanyň ählumumy gün tertibiniň ähli möhüm meseleleri, ilkinji nobatda, sanly we «ýaşyl» çözgütleri ilerletmekde köptaraplaýyn hyzmatdaşlyga işjeň gatnaşmaga taýýardygy barada umumy garaýyşlaryny beýan etdiler.

Umumy mejlis tamamlanandan soňra, maslahatyň işi bölümçelerde dowam etdi. Olardaky çykyşlar bilimiň dürli ugurlaryny ösdürmegiň wajyp ugurlaryna, ylmy-barlag işleriniň netijelerine, halkara ylmy-tehniki hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlaryna, ilkinji nobatda, ýokary tehnologiýaly önümçilikleri döretmek, durmuş ulgamynda sanly tehnologiýalary ulanmak, sebit hem-de dünýä derejesinde ylmy-tehniki wezipeleri çözmek üçin umumy akademiki meýdançalary we hyzmatlar ulgamyny emele getirmek meselelerine bagyşlandy. Biotehnologiýalary, molekulýar biologiýa, oba hojalyk, ekologiýa we genetika ugurlaryny ylmy esasda ösdürmegiň meseleleri «Ýaşyl» ykdysadyýetde ekologik biotehnologiýalaryň orny» atly mejlisde ara alnyp maslahatlaşyldy. Mejlise howanyň üýtgemegi, suw serişdeleriniň rejeli ulanylyşy bilen bagly meseleler, oba hojalyk ylmynyň, pudagyň innowasion ösüşiniň wezipeleri hem girizildi.

Köp ýurtlaryň ylmy-barlag, tejribe-konstruktorçylyk merkezleri tarapyndan ekologik taýdan howpsuz täze tehnologiýalary işläp taýýarlamak, dürli pudaklarda ylmy önümçilik maksatly işleri geçirmegiň enjamlaşdyrylyşy, gaýtadan dikeldilýän energiýa serişdeleri, ilkinji nobatda, Gün energetikasy ýaly ugurlarda üstünlikli durmuşa geçirilen taslamalar maslahatyň «Ýaşyl» ykdysadyýetde nanotehnologiýalaryň orny» atly bölümçesine gatnaşyjylaryň üns merkezinde boldy.

«Ýaşyl» ykdysadyýetde maglumat tehnologiýalarynyň orny» atly bölümçede aragatnaşyk pudagynda öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmaga, programma üpjünçiligine, kosmos, hemra çözgütlerine, ulag-logistika ulgamyna, şäher hojalygyny ýöretmek we beýleki ugurlara bagyşlanan tanyşdyrylyşlar guraldy.

Maslahatyň çäklerinde Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti tarapyndan innowasion tehnologiýalar boýunça ýurduň ýaşlarynyň arasynda yglan edilen bäsleşigiň jemleri jemlenildi hem-de ýeňijileri sylaglamak dabarasy boldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň