Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Fight Nights» promouşeni 14 ýaşady

12:1208.06.2024
0
8031

«Fight Nights» promouşeni özi üçin möhüm senäni ― döredilmeginiň 14 ýyllygyny belledi. Birnäçe ýyl bäri bu gurama Russiýada we GDA ýurtlarynda öňdebaryjylardan biri hökmünde özüni tanatdy we garyşyk söweş sungatynyň (MMA) hakyky söweş meýdançasyna öwrüldi.

14 ýylyň dowamynda «Fight Nights» ýüzlerçe söweşijiniň çykyş eden 100-den gowrak ýaryşyny geçirdi. Olaryň köpüsi, bu guramada syýahatyna başlap, soň bütin dünýäde ykrar edildi. Bu promouşen ýaş sportçylary goldamakda we MMA pudagynda hünär taýdan ösmegi üçin şert döretmekde ýaşlar sportunyň ösmegine möhüm goşant goşdy.

14 ýyl bäri «Fight Nights» ýaş zehinlere ýol açýan we tejribeli söweşijilere gyzykly söweşlerde ähli başarnyklaryny görkezmäge mümkinçilik berýän platforma bolup durýar.

Soňky ýyllarda Türkmenistandan gelen türgenleriň promoşeniň tutluşyklaryna gatnaşandygyny bellemelidiris. Şu ýylyň başynda bolsa Abdulla Babaýew «Fight Nights 123»-de özüniň ilkinji ýeňşini gazandy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň