Halaýan tortlaryňyzy mugt eltip bermek hyzmaty bilen «Zyýat Hilden» sargyt ediň

11:0008.06.2024
0
16568

Täze tort bilen ýakynlaryňyzy begendirmek isleýärsiňizmi, ýöne ony alyp gaýtmaga wagtyňyz ýokmy?

«Zyýat Hil» 150 manatdan başlaýan bahalardan sargyt edilende müşderilerine Aşgabadyň içine we Gökdepe etrabyna mugt eltip bermek hyzmatyny hödürleýär.

«Zyýat Hilde» elmydama tagamly tortlaryň, konditer önümleri we beýleki süýjülikleriň dürli görnüşleri alyjylara garaşýar, indi bolsa olaryň üsti has tagamly täze önümler bilen ýetirildi:

- bento tortlar. Aýry-aýry gaplamalarda özüne çekiji kiçi tortlar – uly bolmadyk üýşmeleňde süýjülikden lezzet almak isleýänler üçin iň oňaýly çözgütdir.
- miweli tortlar – ýeňil, serginlediji we hakyky tomusky tagam. Ýumşak biskwit we ter miweler – şeýle tort hiç hili süýjüligi söýüjini biperwaý galdyrmaz.
- bally tortuň (medowik) täze görnüşleri. Köpleriň söýgüli bally torty (medowik) «Zyýat Hilde» täzelenen görnüşde peýda boldy. Indi bu nusgawy süýjüligiň dürli görnüşlerini dadyp görüp bilersiňiz: kokosly, hozly, şokoladly.
- bölek süýjülikler. «Zyýat Hil» bölek süýjülikleriň dürli görnüşlerini hödürleýär: tortlar, traýfllar, ruletler we beýleki süýjülikler.

«Zyýat Hil» konditer dükanlary aşakdaky salgylarda ýerleşýär:

• Büzmeýin etraby, Abadan şaýoly, 254, habarlaşmak üçin telefonlar (+993 12) 35 37 13 we (+993 62) 02 13 61;
• Garadaşaýak ýaşaýyş toplumy, «Seýran» söwda merkezi, telefonlar (+993 12) 29 35 03 we (+993 62) 02 13 62;
• Gurtly ýaşaýyş toplumy, 3, 1-nji gat, telefonlar (+993 12) 97 95 06 (+993 62) 02 13 63.

Sosial ulgamdaky sahypasy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň