Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň ýüpekçileri pile öndürmek boýunça şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirdiler

01:2608.06.2024
0
10897

Türkmenistanyň ýüpekçileri pile öndürmek boýunça şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirdiler. Olar Watan harmanyna 2100 tonnadan gowrak pile tabşyrdylar. "Watan" habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, şu gün --- 7-nji iýunda sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer T.Atahallyýew bu baradaky hoş habary döwlet Baştutanyna ýetirdi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hoş habary kanagatlanma bilen kabul etdi we ýurduň zähmetsöýer pileçilerini Watan harmanyna 2100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, şu ýylky şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirmekleri bilen gutlady.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň