5-nji noýabrda Berlinde wise-premýer B.Atdaýewiň gatnaşmagynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-german iş toparynyň 10-njy mejlisi geçirildi.
Türkmenistanyň DIM-iniň resmi saýtynda berilýän habara görä, mejlis iki bölümden ybarat bolup, onuň birinji bölüminde Türkmenistanyň we Germaniýanyň ykdysady mümkinçilikleri, ikitaraplaýyn söwda-ykdysady gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy hem-de ony ösdürmegiň dürli ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.
Mejlisiň ikinji bölüminiň işi Germaniýanyň işewür wekilleriniň we assosiasiýalarynyň hem gatnaşmagynda geçirilip, onuň dowamynda maýa goýum hyzmatdaşlygy, maliýe-bank, energetika, nebit-gaz, gaýtadan dikeldilýän energiýa, metan zyňyndylaryny azaltmak, daşky gurşawy goramak, suw we oba hojalygy, derman senagaty, ulag-logistika we infrastruktura, «ýaşyl» ykdysadyýete geçiş, şonuň ýaly-da kiçi we orta telekeçiligi goldamak ýaly ugurlarda hyzmatdaşlygyň anyk meseleleri hem-de ikitaraplaýyn özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmek mümkinçilikleri dogrusynda pikir alyşyldy.
Şeýle-de mejlsiň dowamynda Türkmenistan bilen Germaniýa Federatiw Respublikasynyň arasynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň «Ýol kartasynyň» durmuşa geçirilşi we bu babatda German ykdysadyýetiniň Gündogar komiteti bilen bilelikde ýerine ýetirlen işlere garaldy we öňde durýan wezipeler kesgitlenildi. Şunuň bilen baglylykda, taraplar Türkmenistanyň Prezidentiniň şu ýylyň 17-nji sentýabrynda Astanada geçirilen «Merkezi Aziýa – Germaniýa» formatyndaky ýokary derejeli duşuşygyň çäklerinde Germaniýanyň işewür toparlarynyň wekilleri bilen duşuşygynyň ähmiýetini belläp geçdiler.