Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Derwezedäki gaz krateriniň ekstremofil mikroblary öwreniler

16:0307.06.2024
0
18974

«Tornado awçysy» lakamy bilen meşhur bolan amerikaly gözlegçi Jorj Kurunis «Uglewodorod känlerini işläp taýýarlamagyň energetika geljegi, täze tehnologiýalary we ekologiýa jähtleri» atly halkara ylmy maslahatda (TESC 2024) çykyş etdi.

2013-nji ýylda Derwezedäki «Garagum ýalkymy» atly ýanyp duran gaz krateriniň düýbüne gadam basan ilkinji adam bolan amerikaly alym öz çykyşynda Türkmenistanyň bu gaz kraterinden atmosfera bölünip çykýan zyýanly gazlary azaltmak boýunça edýän tagallalarynyň üstünligini nygtady. Şeýle-de ol «Garagumyň ýalkymy» gaz kraterine guralan hem-de üstünlikli geçen öňki ekspedisiýasnyň dowamy hökmünde geljekde Türkmenistanda guraljak ikinji ekspedisiýanyň dowamynda şeýle gaz kraterleriň hasiýetli aýratynlyklaryna has jikme-jik düşünmek isleýändigini aýtdy.

Ýakyn geljekde guraljak ikinji ekspedisiýanyň maksady karterdäki durmuşy, ýagny ekstremofil mikroblary öwrenmek, olaryň nusgalaryny ýygnamak we DNK derňewini dowam etdirmek bolar. Mundan başga-da, kraterden atmosfera bölüniň çykýan gazlaryň mukdaryna we görnüşlerine has gowy düşünmek üçin gaz zyňyndylaryny seljermek meýilleşdirilýär. Amerikaly alym Jorj Kurunis Türkmenistanda geçirilen gözlegleriň netijelerini dünýäniň dürli künjeklerinde göni ýaýlym arkaly paýlaşmagy hem miýelleşdirýändigini öz çykyşynda mälim etdi.

Ýeri gelende bellesek, forumda çykyş eden «Türkmengaz» DK-niň wekili Irina Lurýewa hem «Garagum ýalkymynda» atmosfera zyňylýan metan galyndylaryny azaltmak boýunça geçirilýän we indi geçirilmegi meýilleşdirilýän çäreler barada belläp geçdi.

Onuň aýtmagyna görä, Türkmenistan krateriň golaýynda burawlanan guýynyň kömegi bilen gaz krateriniň zyňyndylaryny ep-esli azaltmagy başardy. Bu guýy kraterde düzgünleşdirilmedik gaz akymlaryny azaltmaga mümkinçilik berdi. Geljekde çäreleriň dowamy hökmünde gaz karteriniň golaýynda ýerleşýän gözegçilik guýularyndan birini işe girizmek teklip edilýär. Onuň kömegi bilen ýokary öndürijilikli gatlaklardan intensiw gaz çykarmak mümkin bolar. Tanyşdyryş slaýdlarynda krateriň birnäçe ýyl mundan ozal ýaňy ýanyp ugran döwürlerinde düşürilen suratlar hem-de ýangynyň intensiwliginiň tapawudyny aç-açan görkezýän täze suratlar görkezildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň