«Binagärlik gurluşykda döredilen sungatdyr» atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi

09:5106.06.2024
1
9226

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkezinde «Binagärlik gurluşykda döredilen sungatdyr» atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi. Bilim ministrligi we Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty bilen bilelikde guralan wekilçilikli forum Gündogaryň beýik akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna hem-de Ylymlar gününe bagyşlandy. Bu barada TDH habar berdi.

Utgaşykly görnüşde geçirilen maslahata gatnaşmaga Azerbaýjanyň, Belarusuň, Germaniýanyň, Italiýanyň, Gazagystanyň, Hytaý Halk Respublikasynyň, Gyrgyzystanyň, Malaýziýanyň, Russiýa Federasiýasynyň, Türkiýäniň we beýleki döwletleriň ugurdaş ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylarydyr professorlary, halkara guramalaryň, ýurtda işleýän belli gurluşyk kompaniýalarynyň wekilleri çagyryldy.

Habarda bellenilişi ýaly, umumy mejlisiň açylyş dabarasynyň öň ýanynda oňa gatnaşyjylar esasy görkezme gymmatlyklary gyzykly binagärlik taslamalaryndan we çyzgylardan ybarat bolan sergi bilen tanyşdylar.

Maslahatda bellenilişi ýaly, ýurduň durmuş-ykdysady ösüşiniň möhüm maksatnamalarynyň durmuşa geçirilmeginde gurluşyk pudagyna aýratyn orun degişlidir. Olaryň çäklerinde her ýylda önümçilik-tehniki, medeni-durmuş maksatly desgalaryň ýüzlerçesi gurlup ulanmaga berilýär hem-de döwrebaplaşdyrylýar.

Maslahata gatnaşyjylar ýurtda gurlup ulanmaga berilýän desgalaryň binagärlik we dizaýn çözgütlerine aýratyn üns çekdiler. Bu desgalarda milli binagärlik däpleri bilen şähergurluşyk babatda dünýäniň häzirki zaman tejribesi sazlaşykly utgaşýar. Munuň özi milli gurluşyk pudagynyň döwrüň talaplary, iň gowy dünýä tejribeleri esasynda yzygiderli ösdürilýändigine şaýatlyk edýär.

Forumyň köp sanly wekilleriniň pikiriçe, kanun esasynda döwlet ähmiýetli şäher diýen aýratyn hukuk derejesi berlen Arkadag şäheri dünýäniň şähergurluşyk taslamalarynyň hatarynda üýtgeşik täzelik boldy.

Maslahata gatnaşýan daşary ýurtly myhmanlar çykyşlarynda öz halklarynyň binagärlik sungatynyň däp-dessurlary we aýratynlyklary, dünýä döwletlerinde işjeň ornaşdyrylýan häzirki zaman şäher gurluşygynyň innowasiýalary, täzeçil tehnologik işläp taýýarlamalary barada gürrüň berdiler. Amatly şäher gurşawyny, tebigat gözelligi bilen utgaşýan dizaýny kemala getirmek hem-de binagärlik-gurluşyk biliminiň netijeliligini artdyrmak, ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak ugurlary bilen baglanyşykly bolan maslahatlaşmalaryň dowamynda orta atylan meseleler uly gyzyklanma eýe boldy.

Forumyň çäklerinde binagärlik sungatynyň ösüşiniň geljekki ýollary, täzeçil ugurlary boýunça netijeli pikir alyşmalara orun berildi. Maslahatyň işi dört bölümçede dowam etdi. «Binagärlik innowasiýalary, döwrebap materiallar we tehnologiýalar», «Binagärlik-gurluşyk biliminiň ösüşiniň mümkinçilikleri», «Taryhy-medeni mirasyň asyl nusgasyny gorap saklamak», «Şäherleriň durnukly ösüşiniň meseleleri» diýlip atlandyrylan bölümçelerde olaryň her biriniň mazmunlaýyn aýratynlyklaryna üns çekildi. Foruma gatnaşyjylaryň çykyşlary we ylmy makalalary ýörite ýygynda girizilip, çap edildi.

Daşary ýurtly myhmanlar üçin Aşgabat we Arkadag şäherleriniň gözel ýerlerine, täze gurulýan desgalara tanyşdyryş gezelençleri guraldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň