Awgust aýynda Türkmenistanda nähili çäreler geçiriler? «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, şu gün, 26-njy iýulda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde wise-premýer M.Mämmedowa ýurtda indiki aýda geçiriljek şol esasy çäreleriň tertibi barada hasabat berdi.
Hasabatda bellenilişi ýaly, 2024-nji ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip yglan edilmegi mynasybetli, awgust aýynda dürli maslahatlary, «tegelek stollary», döredijilik duşuşyklaryny, wagyz-nesihat çärelerini, sergileri we aýdym-sazly dabaralary geçirmek göz öňünde tutulýar.
Şeýle hem ozal yglan edilen döredijilik bäsleşikleriniň jemi jemlener. Tomusky dynç alyş möwsüminde çagalaryň we ýetginjekleriň arasynda medeni-köpçülikleýin çäreleri, döredijilik we zehin bäsleşiklerini, şeýle hem sport ýaryşlaryny geçirmek meýilleşdirilýär.
Awgust aýynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda «Awaza – dostluk mekany» atly medeni-köpçülik we sport çärelerini geçirmek, şeýle hem Hazar deňziniň güni mynasybetli maslahat guramak göz öňünde tutulýar.
«Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň welaýatlar boýunça jemleýji tapgyrlary, Aşgabat şäherinde «Çalsana, bagşy!» bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geljek aýyň esasy çäreleriniň hatarynda görkezildi.
Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ýurtda beýik ösüşleri beýan edýän birnäçe dabaraly çäreleriň geçirilýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýere şu ýylyň awgust aýyndaky çäreleri ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmegi tabşyrdy.