Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Merkezi Aziýada içerki sebit haryt dolanyşygy 11 milliard dollar artdy

12:1105.06.2024
0
8027
Merkezi Aziýada içerki sebit haryt dolanyşygy 11 milliard dollar artdy
Surat: daryo.uz

Soňky bäş ýylda Merkezi Aziýadaky içerki sebit haryt dolanyşygy 11 milliard dollara çenli artdy diýip, Gazagystanyň söwda we goşulyşmak ministri Arman Şakkaliýew Söwda syýasaty boýunça ikinji Merkezi Aziýa forumynyň barşynda habar berdi.

Çäre Bütindünýä Söwda Guramasy we Aziýa Ösüş Banky, Halkara Söwda merkezi hem-de Gazagystanyň Hökümeti tarapyndan guraldy.

Gazagystan Respublikasynyň söwda ministriniň birinji orunbasary Aýžan Bižanowa soňky ýigrimi ýylda sebitiň jemi içerki önüminiň durnukly ýyllyk 6,2 göterim ösüş görkezendigini we 350 milliard dollardan agandygyny belledi.

Bu barada «Daryo.uz» habar berýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň