Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanly küştçüler U-20 dünýä çempionatyna üstünlikli girişdiler

23:1104.06.2024
0
9993

Türkmenistanly küştçüler 20 ýaşa çenli ýaşlaryň arasynda Hindistanyň Gandinagar şäherinde geçirilýän dünýä çempionatyna ynam bilen başladylar.

Ilkinji iki tapgyrdan soň FIDE-niň ussatlygyna dalaşgär Merýem Agajanowa bilen FIDE-niň ussady Lala Şöhradowa hindistanly garşydaşlary Modipalli Dikşitany we Drişti Goşy ýeňip, her biri 2 utukdan gazandylar. Indi tapgyrda olara has güýçli garşydaşlar garaşýar. Agajanowa gazagystanly FIDE-niň ussady Liýa Kurmangaliýewa bilen, Şöhradowa bolsa 18 ýaşa çenli ýetginjekleriň arasynda geçirilen Ýewropa çempionatynyň ermenistanly ýeňijisi Mariýam Mkrtçýan bilen güýç synanyşar.

Erkekleriň arasyndaky ýaryşda ýurduň çempiony Ahmet Gubataýew öňe saýlandy. Ol ilkinji tapgyrda ermenistanly halkara derejeli ussat Emin Ogonýan bilen deňme-deň oýnap, ikinji tapgyrda onuň watandaşy Mamikon Garibýany ýeňdi. Indi oňa FIDE-niň hindistanly ussady Apurw Kamble garaşýar.

44 döwletden 200-den gowrak ýaş küştçini özünde jemlän dünýä çempionaty 13-nji iýunda tamamlanar. Ol 11 tapgyrdan ybarat bolar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň