Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysy Özbegistanda türgenleşiklerini dowam etdirdi

22:1704.06.2024
0
10945

Dünýä çempionaty ― 2026-nyň saýlama böleginiň bäşinji tapgyrynda Özbegistanyň ýygyndysy bilen geçirjek duşuşygynyň öňüsyrasynda türkmen ýygyndysy türgenleşiklerini goňşy döwletde dowam etdirdi.

Iki döwletiň milli ýygyndylarynyň arasyndaky duşuşygyň 6-njy iýunda geçirljekdigini ýatladýarys. Duşuşyk şol gün sagat 19:30-da başlanar.

Bu duşuşykdan ozal Mergen Orazowyň şägirtleri 26-njy maýdan 4-nji iýuna çenli aralykda Antalýa şäherinde okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny geçipdiler. Bu ýygnanyşygyň çäginde olar 1-nji iýun güni Grenlandiýanyň ýygyndysy bilen ýoldaşlyk duşuşygyny geçirip, 5:0 hasabynda ýeňiş gazandylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň