TYA-nyň ýolbaşçysy Baku döwlet uniwersitetiniň rektory bilen duşuşdy

10:2703.06.2024
1
4688

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň prezidenti, professor Allaberdi Aşyrowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Baku döwlet uniwersitetine (BDU) baryp gördi. Bu sapara Türkmenistanyň Azerbaýjandaky ilçisi Gurbanmammet Elýasow hem gatnaşdy.

«AZERTAJ-yň» BDU-nyň metbugat gullugyna salgylanyp berýän habaryna görä, türkmen wekiliýetiniň uniwersitetiň rektory Elçin Babaýew bilen geçirilen duşuşygynda Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň arasynda ylym-bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň uly geljeginiň bardygy bellenildi.

Allaberdi Aşyrow türkmen wekiliýetiniň saparynyň türkmen-azerbaýjan ylmy we medeni gatnaşyklaryny ösdürmekde täze sahypa boljakdygyna ynam bildirdi. Ol Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň işi we gurluşy barada durup geçip, BDU bilen dürli ugurlarda hyzmatdaşlygyň uly mümkinçilikleriniň bardygyny nygtady.

«Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy bilen bilelikdäki gözlegleriň ýola goýulmagy innowasiýa taslamalaryny durmuşa geçirmek we tejribe alyşmak üçin täze mümkinçilikler döreder. BDU-nyň hem-de Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň alymlary bilelikde işlemek arkaly iki ýurduň ylmy mümkinçiliklerini has-da pugtalandyryp bilerler» diýip, BDU-nyň rektory Elçin Babaýew belledi.

«Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» hem-de «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitaplarynyň tanyşdyrylyşy hem guraldy» diýip, çeşmmede bellenilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň