Portugaliýaly meşhur tälimçi Žoze Mourinýonyň täze möwsümde Türkiýäniň Superligasynda işlemegi mümkin.
Insaýder Žanluka Di Marsionyň habar bermegine görä, «Fenerbahçe» tiz wagtda portugaliýaly hünärmen bilen şertnama baglaşylandygy barada habar berer. 61 ýaşly tälimçi Stambul şäheriniň kluby bilen iki ýyllyk şertnama baglaşar. Türkiýäniň çempionaty Mourinýonyň karýerasyndaky bäşinji çempionat bolar. Ol tälimçilik ýolunda Portugaliýanyň («Portu», «Benfika»), Angliýanyň («Çelsi», «Mançester Ýunaýted», «Tottenhem»), Ispaniýanyň («Real») we Italiýanyň («Inter», «Roma») klublarynda işledi. Şu ýylyň ýanwar aýynda «Romadaky» wezipesinden boşadylan tälimçi häzir işsiz. «Fenerbahçe» türk çempionatynyň geçen möwsüminde 99 utuk toplandygyna garamazdan, 102 utukly «Galatasaraýdan» yza galyp, ikinji orny eýeledi.