Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrligine, “Türkmengallaönümleri” döwlet birleşigine, Daşoguz we Lebap welaýatlarynyň häkimliklerine bu welaýatlaryň degişli etraplarynda şalynyň ýokary hasylynyň öndürilmegini üpjün etmek tabşyryldy.
Şeýle hem 2024-nji ýylyň hasylyndan başlap şalynyň döwlet satyn alyş nyrhy ýokarlandyryldy.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 31-nji maýda degişli Karara gol çekdi. Bu barada TDH habar berýär.
Bellenilişi ýaly, resminama Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurduň oba hojalyk pudagynda amala aşyrylýan özgertmeleri dowam etdirmek, öndürilýän oba hojalyk önümleriniň möçberini hem-de daýhanlaryň şalynyň ýokary hasylyny öndürmekde höwesini artdyrmak arkaly azyk bolçulygyny has-da pugtalandyrmak maksady bilen kabul edildi.