Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanly samboçy Ulan-Ude şäherinde geçirilen Gran-pri ýaryşynda ýeňiji boldy

09:4531.05.2024
0
11819

Russiýa Federasiýasynyň Burýatiýa Respublikasynyň Ulan-Ude şäherinde Söweş sambosynyň ligasy tarapyndan täzelenen düzgünlere laýyklykda Gran-pri ýaryşy geçirildi. Bu ýaryşda türkmenistanly türgen Suwhan Öwezgeldiýew 88 kilograma çenli agram derejesinde çykyş edip, finalda russiýaly Iwan Inýuhowy ýeňip, altyn medalyň eýesi boldy.

Söweş sambosynyň ligasy sportuň bu görnüşiniň meşhurlygyny artdyrmak we türgenleri goldamak maksady bilen 2020-nji ýylyň fewral aýynda esaslandyryldy. Ulan-Udedäki Gran-pri ýaryşynyň aýratynlygy türgenleriň deslapky duşuşyklary geçirmän, öz agram derejesinde göni finala çykyp bilmekligidir.

Halkara ýaryşa biziň ildeşlerimizden başga-da, Russiýanyň, Mongoliýanyň, Täjigistanyň, Belarusyň, Gazagystanyň, Özbegistanyň we Gyrgyz Respublikasynyň wekilleri gatnaşdylar. Ýaryşyň ýeňijileri 100 müň rus rubly möçberindäki pul baýragyna we çempionlyk kemerine mynasyp boldular.

Üstümizdäki ýylda sportuň beýleki görnüşleriniň wekilleri bilen bilelikde türkmen samboçýylarynyň hem üstünlikli çykyş edýändigini bellemek gerek. Ýyla Belarus Respublikasynyň Minsk şäherindäki okuw-türgenleşik ýygnanyşygy bilen girişen samboçylarymyz fewral aýynda dostlukly döwletiň Prezidentiniň kubogy ugrunda geçirilen ýaryşda ýedi medal gazanmagy başardylar. Şolaryň ikisi altyn, ýene ikisi kümüş, galan üçüsi bolsa bürünç medallardyr. Mart aýynda bolsa olar Russiýanyň Moskwa şäherinde geçirilen Sambony esaslandyryjylaryň kubogynda dört medal gazandylar.

Yzygiderli gatnaşylýan halkara ýaryşlar türkmen samboçylary üçin geljek ýyl paýtagtymyzda geçirilmegi meýilleşdirilýän dünýä çempionatyna taýýarlygyň mekdebine öwrülýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň