Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan Haýwanlaryň saglygyny goramak boýunça Bütindünýä guramasynyň wekilleriniň Assambleýasynyň 91-nji umumy mejlisine gatnaşdy

12:1331.05.2024
0
12832

26-30-njy maý aralygynda Türkmenistanyň wekiliýeti Fransiýanyň Pariž şäherinde geçirilen Haýwanlaryň saglygyny goramak boýunça Bütindünýä guramasynyň (WOAH) wekilleriniň Assambleýasynyň 91-nji umumy mejlisine gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň metbugat gullugy habar berdi.

Özüniň 100 ýyllygyny belleýän WOAH-yň mejlisiniň çäklerinde dünýäde haýwanlaryň saglygy üçin durnukly geljegi bilelikde döretmek meseleleri we häzirki döwürde guramanyň gazanan üstünlikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

«2024-nji ýylyň 28-nji maýynda WOAH-yň Baş direktory wezipesine geçirilen saýlawlaryň netijesi boýunça agzalan wezipä Fransiýa Respublikasyndan dalaşgär Emmanuel Subeýran 2024-2029-njy ýyllar döwri üçin saýlanyldy» diýip, çeşmede bellenilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň