Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasynyň Astrahan sebitindäki konsuly Gadam Ilamanow Hazar ylym-bilim kongresiniň çäginde geçirilen «Maşgala häzirki zaman Russiýanyň we Hazarýaka ýurtlarynyň däp bolan gymmatlygy hökmünde» atly halkara konferensiýa gatnaşdy.
Astrahan döwlet uniwersitetiniň web sahypasynda habar berilmegine görä, forumda maşgalalaryň sosial taýdan durnukly ösmegi üçin şert döretmek, demografiýa ulgamynda hünärmenleri taýýarlamak we başga-da köp sanly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Türkmen konsuly Gadam Ilamanow gatnaşyjylara türkmen halkynyň däp bolan maşgala gymmatlyklary barada gürrüň berdi. Hususan-da, konsul Hazarýaka sebitiň beýleki ýurtlary ýaly, Türkmenistanda hem ene-ata, maşgalanyň ähli agzalaryna bolan hormata esaslanýan däbe öwrülen maşgala gymmatlyklaryna aýratyn sarpa goýulýandygyny belläp geçdi.
«Täze durmuş gurýan ýaş çatynjalara we köp çagalaly maşgalala goldaw bermek, şeýle hem çagalaryň ösmegi üçin ähli şertleri döretmek üçin yzygiderli uly göwrümli maksatnamalary alyp barýarys. Çagalary watançylyk we däp-dessurlara hormat goýmak ruhunda terbiýelemäge aýratyn üns berilýär. Türkmenistanda we Hazarýaka sebitiň beýleki ýurtlarynda sebitiň durnukly geljegini üpjün etmek üçin däp bolan maşgala gymmatlyklaryny gorap saklamak we ösdürmek aýratyn möhümdir» diýip, türkmen diplomaty belledi.