Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabat — Awaza ugry boýunça awtobus gatnawlarynyň petekleri onlaýn satuwa çykaryldy

14:4429.05.2024
0
30785

Aşgabat — Awaza — Aşgabat ugry boýunça şäherara awtobus gatnawlarynyň petekleri «Awtomobil ulag hyzmaty» AGPJ-niň resmi saýtynda hem-de «Şäherara bilet» mobil goşundysynda onlaýn satuwa çykaryldy.

Ýeri gelende ýatlatsak, degişli ugur boýunça möwsümleýin gatnaw 1-nji iýundan başlap ýola goýlar.

Aşgabatdan atobuslar ir sagat 6:00-da Çoganly ýaşaýyş toplumynyň çäginde A.Nyýazow şaýolunyň 422-nji jaýynda ýerleşýän Halkara awtomenzilden ugrar.

Awazadan Aşgabada yzyna gaýdyş gatnawy sagat 13:00-da Ýelkenli köçesiniň ugrundaky 4 gatly ulag duralgasyndan amala aşyrylar.

Bir taraplaýyn petegiň bahasy ulular üçin 75 manada, 5 — 13 ýaş aralygyndaky çagalar üçin bolsa 37 manat 50 teňňä deňdir. Petekleriň satuwy diňe onlaýn usulda däl, eýsem, kassalaryň üsti bilen hem amala aşyrylýar.

Gatnaw tertibi we petekleri satyn almak bilen bagly sowallar üçin şu telefon belgi arkaly sorag-jogap gullugyna ýüz tutup bilersiňiz: (+993 12) 44-35-30 и 44-35-20.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň