Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Witebskiň» futbolçysy Jumaýew Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň Antalýadaky türgenleşiklerine gelip bilmedi

11:4528.05.2024
0
5837

Belarusyň «Witebsk» toparynyň futbolçysy Wepa Jumaýew Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysyna iýun aýyndaky duşuşyklarda kömek edip bilmez.

Ol şikes sebäpli milli ýygyndynyň Antalýa şäherindäki (Türkiýe) okuw-türgenleşik ýygnanyşygyna gatnaşyp bilmeýär.

Milli ýygyndynyň metbugat gullugy oýunçynyň Belarusyň çempionatynda şikes alandygyny habar berdi.

Milli ýygyndynyň tälimçiler düzüminiň mundan habary bardy, olar oýunçynyň 6-njy iýunda Özbegistan bilen boljak duşuşyga çenli sagaljakdygyna ynanýardylar. Şikes bolsa barha güýjedi. Şu zerarly milli ýygyndynyň agzalary futbolça basymrak saglygyna gowuşmagy arzuw etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň