Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Merkezi Aziýanyň ýygyndylary futzal boýunça dünýä çempionatyndaky garşydaşlaryny bildiler

11:1128.05.2024
0
5973

Samarkant şäherinde futzal boýunça dünýä çempionatynyň bijeleri çekildi. Ýaryş şu ýylyň 14-nji sentýabryndan 6-njy oktýabryna çenli aralykda Özbegistanyň Daşkent, Andijan we Buhara şäherlerinde geçiriler.

Bije çekişligiň netijesinde dünýä çempionatyna Merkezi Aziýadan gatnaşjak ýygyndylar hem öz garşydaşlaryny öwrendiler. Ýer eýeleri ― Özbegistanyň ýygyndysy Niderlandrlaryň, Paragwaýyň we Kosta-Rikanyň ýygyndylary bilen bir toparçada ýaryşar. Täjigistan Portugaliýanyň, marokkonyň we Panamanyň, Gazagystan bolsa Ispaniýanyň, Täze Zelandiýanyň we Liwiýanyň topardaşy boldy.

Mahlasy, dünýä çempionatynyň toparçalaýyn bölegine 16 ýygyndy gatnaşar. Her toparçada birinji we ikinji orny eýelän we üçünji orny eýelänleriň iň gowy dördüsi ýaryşyň pleý-off tapgyryna çykar.

Futzal boýunça dünýä çempionaty 2024-iň toparçalary:

«A» toparça (Daşkent şäheri)

Özbegistan

Niderlandlar

Paragwaý

Kosta-Rika

«B» toparça (Buhara şäheri)

Braziliýa

Kuba

Horwatiýa

Tailand

«C» toparça (Daşkent şäheri)

Argentina

Ukraina

Owganystan

Angola

«D» toparça (Andijan şäheri)

Ispaniýa

Gazagystan

Täze Zelandiýa

Liwiýa

«E» toparça (Daşkent şäheri)

Portugaliýa

Panama

Täjigistan

Marokko

«F» toparça (Buhara şäheri)

Eýran

Wenesuella

Gwatamala

Fransiýa.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň