«Fitch Ratings» agentligi Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasyna halkara reýtingini berer. Bu ugurdaky işler barada wise-premýer Hojamyrat Geldimyradow Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde hasabat berdi.
Halkara reýting ätiýaçlandyryş guramasyna «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny» amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasyna laýyklykda berler.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasynyň halkara we daşary ýurt maliýe guramalary hem-de agentlikleri bilen hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de giňeltmelidigini belledi.