«Ak şäherim Aşgabat» atly köpugurly halkara sergi täze taslamalary we teklipleri hödürlemek, daşary ýurtly myhmanlary türkmen milli ykdysadyýetiniň dürli pudaklarynyň we düzümleriniň üstünlikleri bilen tanyşdyrmak üçin özboluşly meýdança boldy.
«MIR24» teleýaýlymynyň habar bermegine görä, 24-25-nji maý aralygynda Aşgabatda geçirilen bu forumda Saras – Mary – Serhetabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň gurluşygynyň taslamasy teklip edildi.
Uzynlygy 450 kilometre barabar bolan dört zolakly bu ýoluň giňligi 27,5 metre deňdir.
Sergä gatnaşyjy, gurluşyk kompaniýasynyň esaslandyryjysy Amanmuhammet Ojarow şeýle belledi:
«Ýokary tizlikli awtomobil ýoly Türkmenistanyň çäginden daşalýan ýükleriň mukdaryny ep-esli artdyrmak we ýük daşamalaryny çaltlaşdyrmak üçin amatly şertleri döreder. Şunuň bilen baglylykda, goňşy ýurtlar bilen ulag aragatnaşygyny ösdürmekde uly mümkinçilikler açylar».
Gyzyklanma bildirýän taraplar eýýäm onuň çekiljek ýerlerini öwrenýärler we ýoluň, şeýle hem onuň ugrunda guruljak desgalaryň konseptual dizaýnlary taýýarlanylýar diýlip, çeşmede bellenilýär.