Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda Aşgabat şäheriniň güni bellenilýär

15:5425.05.2024
0
9947

Her ýylyň 25-nji maýynda bolşy ýaly, şu gün Türkmenistanda ýurduň paýtagty Aşgabat şäheriniň güni giňden bellenilýär. Bu baýramçylyk 2013-nji ýyldan bäri bellenilip gelinýär. Şol ýyl Aşgabat dünýäde ak mermerli binalaryň iň köp jemlenen şäheri hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi. Şeýle-de Aşgabadyň «Dizaýn» ugry boýunça ÝUNESKO-nyň döredijilik şäherleriniň toruna girizilendigini bellemek gerek.

Baş şäheriň baýramçylygy bilen utgaşyklylykda, ýurduň paýtagtynda «Ak şäherim Aşgabat» atly köpugurly halkara sergi hem geçirilýär. Sergi şähergurluşyk, binagärlik we häzirki zaman şäher infrastrukturasyny döretmek babatda ýurduň gazanan üstünliklerini, toplan tejribesini we mümkinçiliklerini görkezmäge gönükdirilendir.

2020-nji ýylyň 1-nji maýynda Aşgabat Bütindünýä syýahatçylyk şäherleri federasiýasynyň (WFTC) agzasy boldy.

Şu gün Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli ýurduň ähli künjeklerinde baýramçylyk dabaralary, konsertler, sergiler we döredijilik duşuşyklary geçirilýär. Bu baýramyň orta mekdepleriň uçurymlarynyň "Soňky jaň" dabarasy bilen utgaşmagynda hem özboluşly many bar. Goşa baýramçylyk mynasybetli guralýan çäreler egsilmez şatlyk-şowhuna beslenýär.

Aşgabatda täze binalaryň we desgalaryň, şol sanda döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň, paýtagt şäheriň Bagtyýarlyk etrabynda kuwwaty bir gije-gündizde 150 müň kub metr bolan agyz suwuny arassalaýjy desganyň ulanmaga berilmegi baýramçylyga ajaýyp sowgat boldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň