Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Türkmenpoçta»: Türkmenistanyň ähli ýerinden ýükleri ugratmak we almak

10:1126.06.2024
0
8523

«Türkmenpoçta» poçta aragatnaşyk kompaniýasy islendik ölçegdäki we agramdaky ýükleri Türkmenistanyň ähli ýerlerinden eltip bermekde amatly we ygtybarly hyzmatlary hödürleýär.

Bu hyzmatlar nähili ýerine ýetirilýär?

- giň arabaglanyşykly ulgam. «Türkmenpoçta»-nyň ýük bölümleri ýurduň ähli sebitiniň demir ýol menzillerinde ýerleşýär;

- ýeňil resmileşdirme. Ýük ugratma-kabul etme hyzmatlarynda bölüme özüňiz baryp ýa-da görkezilen salgy boýunça çapary çagyryp bilersiňiz;

- häzirki zaman tehnologiýalary. Ýükler elektron terezide ölçelýär we kompýuter onuň nyrhyny awtomatiki usulda hasaplaýar;

- tiz eltip bermek hyzmaty. Ýük awtoulaglary hepdäniň ähli günleri işleýär, şonuň üçin ýükleriňiz mümkin boldugyça tiz wagtda eltilip berler.

- oňaýly yzarlamak. «Türkmenpoçta»-nyň bitewi sanly ulgamy arkaly ýüküňiziň ýagdaýyny yzarlap bilersiňiz;

- howpsuzlyk. «Türkmenpoçta» eltip bermek hyzmatynyň bütin dowamynda ýüküňiziň howpsuzlygyny kepillendirýär;

- goşmaça hyzmatlar. Goşmaça töleg edilen ýagdaýynda «Türkmenpoçta»-nyň çapary ýüki alyjynyň görkezilen salgysyna hem eltip berýär.

Ýükleri ugratmak üçin hasaba alnanda iberiji pasportyny we habarlaşmak üçin telefon belgisini görkezmelidir. Kabul edip alyjy bolsa ýüki pasportyny görkezmek arkaly kabul edýär. Ýük bölüminiň hünärmenleri ýüküň gelendigini kabul edip alyja dessine habar berýärler.

Has giňişleýin maglumat üçin (+993 12) 94 20 34, (+993 71) 14 47 71 ýa-da 075 gysga belgä jaň edip bilersiňiz.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň