Turkmenportal logo
30.01.24
3305233052
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Türkmenpoçtanyň» «gapydan gapa» çaparçylyk hyzmaty: peýdaly we tapawutly taraplary
«Türkmenpoçtanyň» «gapydan gapa» çaparçylyk hyzmaty: peýdaly we tapawutly taraplary

«Türkmenpoçta» poçta aragatnaşyk kompaniýasy «gapydan gapa» çaparçylyk hyzmatyny hödürleýär.


Bu çaparçylyk hyzmatynyň türkmenistanlylaryň ünsüni çekýän esasy aýratynlygy bolsa onuň köp sanly peýdaly taraplary bilen bagly:


- oňaýlylygy we wagt tygşytlamagy: munda ýollamany ugratmak ýa almak üçin müşderiniň ýörite poçta bölümine gitmek zerurlygy ýokdur. Çapar ýollamany iberijiden alyp, kabul edijä gowşurýar.
- ýüküň howpsuzlygynyň kepilligi: kompaniýanyň çaparlary ýörite taýýarlyk geçýärler we ýüküň howpsuz eltilmegine jogap berýärler.
- goşmaça hyzmatlary almak mümkinçiligi.


«Türkmenpoçtanyň» «gapydan gapa» çaparçylyk hyzmaty ýollamany tiz we özüne oňaýly wagtda ibermek ýa almak isleýän ähli adamlar üçin niýetlenendir.


Çapary çagyrmak üçin bolsa kompaniýanyň web saýtyndan, (+993 12) 92 14 95 telefon belgisinden ýa-da «Çapar» mobil goşundysyndan peýdalanyp bilersiňiz.


«Çapar» mobil goşundysyny «Google Play» we «App Store» internet dükanlaryndan ýükläp alyp bolýar.


Şeýle-de okaň: