Soňky habarlar

Arhiw

«Zyýat Hil» konditer dükanlarynda iki sany täze tagamly süýjülik bilen tanyşyň

11:0425.05.2024
0
18125

«Zyýat Hil» konditer dükanlary tomus möwsümi üçin täze önümleri hödürleýär: sawoýardi kökeli miweli tort we kiçi tort (bento).

Sawoýardi kökeli miweli tort – ilkinji gezek göreniňizden sizi özüne çekjek ýeňil, lezzetli we hakykatdanam baýramçylyk süýjüligidir. Bu kökelerden taýýarlanan ýumşak «taýakjyklar» süýjülige gaýtalanmajak keşp berýär. Tortuň ýokarsy diňe bir süýjüligi owadanlaşdyrman, eýsem, oňa tagamly turşulyk berýän we biskwitiň süýjüligini artdyrýan miweleriň dürli görnüşleri bilen bezelýär.

Kiçi tortlar (bento) – dürli tagamlary dadyp görmek ýa-da az sanly ýakynlary bilen süýjülikden lezzet almak isleýänler üçin iň amatly çözgütdir. «Zyýat Hil» bento süýjüliginiň birnäçe görnüşini hödürleýär: pisseli snikers, şokoladly snikers, ýertudanaly we şokoladly.

«Zyýat Hil» – elmydama täze we ýokary hilli önümleri, özboluşly taýýarlaýyş usullaryny hem-de gaýtalanmajak tagamlary özünde jemleýär.

«Zyýat Hilde» täze tomusky önümleri we beýleki süýjülikleri sargyt etmek üçin aşakdaky belgilere jaň edip ýa-da şu salgylardaky konditer dükanlaryna baryp bilersiňiz:

  • Büzmeýin etraby, Abadan şaýoly, 254, habarlaşmak üçin telefonlar (+993 12) 35 37 13 we (+993 62) 02 13 61;
  • Garadaşaýak ýaşaýyş toplumy, «Seýran» söwda merkezi, telefonlar (+993 12) 29 35 03 we (+993 62) 02 13 62;
  • Gurtly ýaşaýyş toplumy, 3, 1-nji gat, telefonlar (+993 12) 97 95 06 (+993 62) 02 13 63.

Ýatlatsak, 150 manatdan başlanýan mukdarda konditer önümleri satyn alananda, Aşgabadyň we Gökdepe etrabynyň ýaşaýjylaryna mugt eltip bermek hyzmaty hödürlenýär.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň