Turkmenportal logo
11.05.24
1622816228
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Zyýat Hil» konditer dükany türk baklawalarynyň birnäçe görnüşini hödürleýär

Türk süýjüliklerini halaýanlar üçin «Zyýat Hil» konditer dükanlarynda hödürlenýän baklawalar ajaýyp sowgat bolar.


Baklawa türk halkyna mahsus bolan, gat-gat hamyrdan ýaga batyrylyp taýýarlanylýan meşhur hoşboý ysly we süýji tagamdyr.



«Zyýat Hiliň» dükanlaryndan siz baklawanyň pisseli, hozly, badamly we başga-da birnäçe görnüşlerini alyp bilersiňiz.


Bu ýerdäki baklawalar täze bolmak bilen bir hatarda bu tagamyň taýýarlanylyşynyň esasy tagamnamasyna doly laýyk gelýär.


Siz «Zyýat Hilden» datly baklawalardan başga-da, tortlaryň we konditer önümleriniň hem birnäçe görnüşini alyp bilersiňiz.


«Zyýat Hiliň» dükanlary özüňizi we dostlaryňyzy süýji tagamlar bilen begendirmek üçin iň gowy ýerleriň biridir.



Dükanlaryň ýerleşýän ýerleri:


  • Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etraby, Abadan şaýoly, 254, telefon belgileri: (+993 12) 35 37 13 we (+993 62) 02 13 61;
  • Aşgabat şäheriniň Garadaşaýak ýaşaýyş jaý toplumy, «Seýran» söwda merkezi, telefon belgileri: (+993 12) 29 35 03 we (+993 62) 02 13 62;
  • Gurtly ýaşaýyş jaý toplumy, 3, 1-nji gat, telefon belgileri: (+993 12) 97 95 06 (+993 62) 02 13 63.

150 manatdan köp möçberde söwda edilende, Gökdepe etrabynyň ýaşaýjylary üçin hem süýjülikler mugt eltilip berler.


Şeýle-de okaň: