Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Ýelena Grigorýans BAE-de iri «Les Mills» halkara festiwalynda çykyş eder

21:3224.05.2024
0
52317

Şu gün Ýelena Grigorýans tarapyndan döredilen meşhur «Bodysculpt» fitnes maksatnamasyna 8 ýyl dolýar. Döredijiniň özüniň belläp geçişi ýaly, ol bu ýyllaryň dowamynda öz taslamasyny durmuşa geçirmekden başlap, 40-dan gowrak dürli türgenleşik formaty bolan öz fitnes studiýasyny açmaga çenli ajaýyp üstünlikleri gazandy.

«2016-njy ýylyň 24-nji maýynda tälimçi hökmünde ilkinji gezek sport zalyna girdim we «Bodysculpt» maksatnamasyny işe girizdim. Şondan bäri köp zat üýtgedi, indi meniň ajaýyp studiýam bar. Özüme buýsanýaryn we meni goldanlaryň hemmesine hoşallyk bildirýärin» diýip, Ýelena Grigorýans gürrüň berdi.

«Bodysculpt» – diňe bir türgenleşik däl, eýsem, häzirki wagtda deňi-taýy bolmadyk köpugurly maksatnama. Bu ýerde size ajaýyp sazyň astynda güýjüňizi artdyryp, myşsalaryňyzy ösdürip, çydamlylygyňyzy we tizligiňizi ýokarlandyryp bilersiňiz. Ugurlar funksional türgenleşigi, Zumba we Step Dance tanslaryny, interwally HIIT türgenleşigini, CrossFit-i, step-aerobikany we beýlekileri öz içine alýar.

8 ýyllap dowam eden netijeli işinden soň, Ýelena Grigorýansa täze üstünlik garaşýar – ol 28-29-njy maýda Dubaýda we Abu-Dabide geçiriljek abraýly «Les Mills Middle East» festiwalynda Türkmenistana wekilçilik eder. Ýelena saýlama mugallymlar toparynyň düzüminde iki sagatlyk «Bodycombat» ussatlyk sapagyny geçirer. Bu onuň köp ýyllyk zähmetiniň we ussatlygynyň mynasyp derejede ykrar edilmegidir.

Ýelena karýerasynyň dowamynda «Bodycombat», «Bodybalance», «Grit» we «Bodypump» ýaly «Les Mills» maksatnamasynyň 4 sany ugry boýunça sertifikatlaşdyryş okuwyny geçdi. Ol «Bodycombat-da» iň ýokary «Advanced Instructor» derejesini aldy we dünýäde bu maksatnamanyň iň gowy alyp baryjylarynyň biri hasaplanýar.

BAE-de ýakynda geçiriljek festiwal onuň arzuwyny amala aşyrar we Türkmenistanda bu ugruň ýokary ösüş derejesini dünýä görkezer. Şol bir wagtyň özünde, Ýelena Aşgabatdaky studiýasyny ösdürmegi dowam etdirýär we bu ýerde ähli isleg bildirýänleri özboluşly «Bodysculpt» maksatnamasyna gatnaşmaga çagyrýar.

Ýelena Grigorýansyň fitnes studiýasy:

  • Sportuň gyşky görnüşleri toplumy, Aýtakow köç., 1-nji gat, (+993 65) 88 12 75.

Türgenleşikleriň tertibi:

BODYSCULPT

  • irdenki topar: duşenbe, çarşenbe, anna – 10:00-da
  • agşamky topar: duşenbe, çarşenbe, anna – 18:45-de

LesMills BODYPUMP

  • duşenbe, çarşenbe, anna – 20:00-da

LesMills BODYCOMBAT

  • duşenbe, çarşenbe, anna – 19:45-de

LesMills GRIT

  • sişenbe, penşenbe – 20:00-da
  • şenbe – 14:00-da
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň