Soňky habarlar

Arhiw

UEFA-nyň Çempionlar ligasyna düýpli özgerişlikler gelýär

11:2124.05.2024
0
6845

Geljek möwsümden başlap, UEFA-nyň Çempionlar ligasynyň duşuşyklaryna möhüm özgerişlikler girer. Indi ýaryşyň duşuşyklary diňe bir hepdäniň sişenbe we çarşenbe günlerinde däl-de, penşenbe gününde hem oýnalar. «Sports.ru»-nyň berýän habaryna görä, toparçalaýyn tapgyryň ahyrky 18 duşuşygynyň ählisi 29-njy ýanwarda şol bir wagtda geçiriler.

Özgertmeler ýaryşa gatnaşyjylaryň 32-den 36 topara çykarylmasy we toparçalaýyn düzgünden ýüz öwürlmesi bilen bagly. Onuň ornuna indi her toparyň sekiz duşuşyk geçirmesi meýilleşdirilen umumy tertip düzüler.

Ýaryşyň ozalky düzgüniniň tersine, indi dört torbadan bije çekişlige gatnaşjak toparlar iki sany uly toparçany emele getirer. Her bir gatnaşyjy her torbadan iki garşydaş bilen duşuşar.

Şeýlelikde, ilkinji 8 orny eýeläp bilen toparlar gönüden-göni ýaryşyň indiki tapgyryna çykmaga hukuk gazanar. 9 ― 24-nji orunlary eýelänler bolsa indiki 8 ýollanma üçin özara duşuşyklary geçirerler. Ýaryşyň bu böleginde tutulan toparlaryň Ýewropa ligasynda ýaryşmaga mümkinçiligi bolmaz.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň