Türkmenistanyň Germaniýadaky konsuly «Deutsche Bank AG» bankynyň ýolbaşçylary bilen gepleşik geçirdi

11:5423.05.2024
0
11611

Türkmenistanyň Germaniýa Federatiw Respublikasyndaky konsuly Myrat Özbekbaýew «Deutsche Bank AG» bankynyň Demirgazyk we Gündogar Ýewropa boýunça sebit bölüminiň baş ýerine ýetiriji direktory Ýorg Bongartz bilen duşuşdy. Taraplar maliýe we bank pudagynda türkmen-nemes hyzmatdaşlygynyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Bu barada HHM habar berýär.

Ýorg Bongartz soňky ýyllarda «Deutsche Bank AG» banky tarapyndan Türkmenistanyň bank pudagynyň hünärmenleri üçin geçirilen seminarlar we okuwlar barada türkmen konsulyna gürrüň berdi. Taraplar nemes bankynyň Türkmenistanyň maliýe guramalary bilen uzak möhletleýin hyzmatdaşlygyna aýratyn üns çekdiler.

Mundan başga-da, türkmen konsuly we «Deutsche Bank AG-niň» sebit bölüminiň başlygy bankyň baş edarasy ýerleşýän Maýn boýundaky Frankfurt şäherinde bilelikdäki söwda-ykdysady hyzmatdaşlyga degişli çäreleri guramagyň mümkinçiligini ara alyp maslahatlaşdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň