Top.Mail.Ru

Eýranyň Türkmenistandaky ilçihanasynda hatyra kitaby açyldy

10:0622.05.2024
0
19598
Eýranyň Türkmenistandaky ilçihanasynda hatyra kitaby açyldy
Surat: turkmenistan.mfa.gov.ir

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow Eýran Yslam Respublikasynyň Aşgabatdaky ilçihanasyna baryp, dikuçar heläkçiliginde aradan çykan Eýranyň Prezidentiniň we daşary işler ministriniň hormatyna açylan ýatlamalar kitabyna ýazgy ýazdy we gol çekdi.

Eýranyň Türkmenistandaky diplomatik gullygynyň habar bermegine görä, wise-premýer Türkmenistan bu pajygaly wakanyň ilkinji günlerinde Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ali Mojtaba Ruzbehanin bilen habarlaşyp, türkmen tarapynyň islendik kömegi bermäge taýýardygyny mälim etdi. Şeýle hem R.Meredow Prezdent Seýed Ebrahim Raisiniň we daşary işler ministri Huseýin Amir Abdollahianyň döwletara gatnaşyklary pugtalandyrmakda, sebit we halkara gün tertibiniň möhüm meselelerini parahatçylykly çözmekde, howpsuzlygy berkitmekde köp işleri bitiren görnükli döwlet işgärleridigini belläp, olaryň bitiren hyzmatlaryna ýokary baha berdi. Wise-premýer R.Meredow häzirki agyr pursatlarda Eýranyň halkyna, Hökümetine we şehitleriň maşgalalaryna çuňňur gynanjyny bildirdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň