Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda 24 görnükli ýazyjynyň we şahyryň ýadygärlikleri bolan täze seýilgäh açyldy

07:0118.05.2024
0
18822

Ozal habar berşimiz ýaly, «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumy Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda 17-nji maýda dabaraly ýagdaýda açyldy.

Medeni-seýilgäh toplumynda dürli ýurtlara we yklymlara wekilçilik edýän meşhur nusgawy şahyrlaryň, dünýä belli akyldarlaryň heýkelleri aýratyn täsin bölegi emele getirýär. Olaryň hormatyna oturdylan ýadygärlikler dost-doganlygy, halklaryň hoşniýetli goňşuçylygyny alamatlandyrýar diýlip, «Türkmenistan» gazetinde habar berildi.

Şeýlelikde, bu ýerde Saýat Nowa, Ýanka Kupala, Du Fu, Onore de Balzak, Şota Rustaweli, Iogan Wolfgang fon Gýote, Şandor Petefi, Rabindranat Tagor, Hafyz Şirazy, Dante Aligýeri, Ýasunari Kawabata, Kurmangazy Sagyrbaýuly, Çingiz Aýtmatow, Raja Ali Hajy, Adam Miskewiç, Mihaý Eminesku, Fýodor Dostoýewskiý, Huan Himenes, Saýido Nasafi, Ýunus Emre, Grigoriý Skoworoda, Wilýam Şekspir, Lengston Hýuz, Alyşir Nowaýy ýaly meşhur ýazyjy-şahyrlaryň ýadygärlikleri ýerleşýär.

Heýkelleriň her biri keşpleriň häsiýetli taraplaryny şöhlelendirýär we inçelik bilen işlenen köptaraply şekiller olaryň döredijiliginiň aýratynlygyny açyp görkezýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň