15-nji maý — 17-nji maý aralygynda Baku şäherinde Azerbaýjanyň «InterFood Azerbaijan» 29-njy halkara sergisi geçirilýär. Bu sergide «Yupekchi» hojalyk jemgyýeti hem öz önümlerini tanyşdyrýar.
«Yupekchi» Türkmenistandan «InterFood Azerbaijan» sergisine gatnaşan ilkinji we ýeke-täk kärhana boldy.
Kärhananyň diwarlygynda eýýäm köpler tarapyndan uly isleg bildirilýän «Bold», «Bulvar», «7gen», «Real», «Buzz» we «Pökgi» ýaly haryt nyşany bilen öndürilýän miwe şireleri, gazly içgiler we sowuk çaýlar hödürlenýär. Daşary ýurt raýatlaryna ilkinji gezek hödürlenen BOLD «Mango-kokos» witaminleşdirilen gazly täze içgi aýratyn üns merkezinde boldy.
«InterFood Azerbaijan» sergisiniň Hazarýaka ýurtlaryň azyk senagatynyň wekilleri üçin önümleriniň tanyşdyrmak babatda esasy meýdançalaryň biridigini bellemelidiris. Her ýyl bu sergä 20-den gowrak ýurtdan müňlerçe hünärmenler gatnaşýar.
«Yupekchi» HJ-niň «InterFood Azerbaijan» sergisine gatnaşmagy — bu kärhana üçin täze işewürlik gatnaşyklaryny gurmak hem-de Hazarýaka sebitdäki ornuny berkitmek üçin ajaýyp mümkinçilikdir.
«Yupekchi» kärhanasynyň hünärmenleri «InterFood Azerbaijan» sergisine gatnaşmagyň örän netijeli boljakdygyna we onuň täze üstünliklere badalga berjekdigine ynam bildirýärler.