Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Çarymyrat Gurbanow eminlik bilen hoşlaşdy

14:2615.05.2024
1
14942

FIFA-nyň emini Çarymyrat Gurbanow düýn geçirilen "Ahal" - "Nebitçi" duşuşygyndan soň eminlik bilen hoşlaşdy. Bu barada "Janköýer" habar berdi.

Gurbanow Çarymyrat Durdymyradowiç 1977-nji ýylyň 5-nji dekabrynda Ahal welaýatynyň Baharly etrabynyň Bäherden şäherinde dünýä indi. Ol 2003-nji ýyldan bäri halkara derejeli duşuşyklarda eminlik edip gelýär. Mahlasy, onuň futbol ýoluny jogapkärçilikli duşuşyklaryň 700-den gowragyndaky başarjaň eminligi bezeýär.

Çarymyrat Gurbanow Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň uçurymydyr.

Ol dürli ýyllarda Dünýä çempionatynyň saýlama duşuşyklarynda, Türkmenistanyň Prezidentiniň kubogy ugrundaky halkara ýaryşlarda, AFK-nyň kubogynda, AFK-nyň prezidentiniň kubogynda, halkara derejeli ýoldaşlyk duşuşyklarynda we Aziýa oýunlarynda eminlik etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň