Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Awtomobil ulаg hyzmaty» AGPJ sürüjileri işe çagyrýar

17:3125.06.2024
2
112096

«Awtomobil ulаg hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti Türkmenistanyň raýatlaryny sürüji wezipesine işe alynýandygyny yglan edýär. Dalaşgärlerden edilýän esasy talaplar «B,C,D» derejeli sürüjilik şahadatnamasynyň we awtoulag sürmek tejribesiniň bolmagydyr.

Işe ýerleşmek isleýänler Aşgabat şäheriniň Çoganly ýaşaýyş toplumynyň çägindäki Halkara awtomenziliň çäginde ýerleşýän kompaniýanyň merkezi edarasyna ýüz tutmalydyrlar, edaranyň salgysy: A.Nyýazow şaýoly, 422-nji jaý.

Boş iş orunlary we iş şertleri barada goşmaça maglumatlary almak üçin şu btelefonlara jaň edip bilersiňiz: 44-35-38, 44-35-20.

«Awtomobil ulаg hyzmaty» AGPJ ähli gyzyklanma bildirýän dalaşgärleri arzalaryny tabşyrmaga çagyrýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň