Top.Mail.Ru

Arhiw

Aşgabatda tiz öwrenmäge we aň taýdan kämilleşmäge ýardam edýän «IQ007» mekdebi açyldy

15:0414.05.2024
1
18967

Aşgabatda çagalary we ýetginjekleri ösen bilim maksatnamalaryna laýyklykda goşmaça bilim almaga çagyrýan täze bilim merkezi — «IQ007» mekdebi açyldy. Çagalar tiz okap öwrenmek we aň taýdan kämilleşmek, sowatly ýazmak we kalligrafiýa, iňlis dilini suwara öwrenmek, şeýle hem IQ etika ýaly ugurlary aňsatlyk bilen özleşdirip bilerler.

«IQ007» mekdebi — rus franşizasy bolup, 10 ýyllyk iş tejribesiniň dowamynda Russiýada we GDA ýurtlarynda 565 sany mekdebi açdy, 3600 sany pedagogy taýýarlady we 350 000-den gowrak okuwçyny okatdy. Bilim taslamasy tejribeli hünärmenler tarapyndan işlenip düzülip, çagalary döredijilige, öz-özüňi aň taýdan kämilleşdirmäge hem-de her bir okuwçynyň mümkinçiliklerini açmaga ruhlandyrýan dürli programmalary, täsirli we özboluşly usullary hödürleýär.

«IQ007» mekdebiniň hünärmenler topary — bu ylymlaryň kandidatlaryndan, tejribeli metodologlardan we Russiýadan hem-de goňşy ýurtlardan bolan zehinli mugallymlardan ybaratdyr. Uly bolmadyk toparlar olara her bir okuwça özbaşdak çemeleşmäge we çaga üçin özbaşdak okuw meýilnamasyny saýlamaga mümkinçilik berýär.

Bu mekdepde tejribeli hünärmenler çagalaryň hemmetaraplaýyn ösmegi üçin şertleri döredýärler. Çagalar diňe bir zerur bilimleri alman, eýsem uly isleg bildirilýän başarnyklary hem özleşdirýärler. Bu toplumlaýyn çemeleşme mekdebiň işini gowulandyrmaga, geljekde bilim almak üçin berk binýady goýmaga we her bir çaganyň mümkinçiliklerini açmaga itergi berýär.

«IQ007»-niň tiz öwrenmek okuwy — bu hünärmenler tarapyndan işlenip düzülen we çagalardyr ulular üçin niýetlenen, köp basgançakly maksatnamadyr. Çaga bu okuwda harplar bilen entek tanyş bolmasa-da, «noldan» başlap tiz we dogry okamagy öwrener. Okamagyň tizligi birnäçe esse gowulaşýar, okuwçy tekstiň esasy ýerlerini ýadynda saklap, okan zatlaryny täzeden aýdyp biler.

«Sowatly ýazuw we kalligrafiýa» okuwy — bu rus diliniň düzgünlerini we kalligrafiki taýdan dogry ýazmagy kämilleşdirmek ýaly başarnyklary özünde jemleýän ugurdyr. Bu okuwyň sapaklarynda çagalar esasanam uniwersitetlerde uly peýdasy degjek endikleri — tiz, owadan hem dogry ýazmagy öwrenýärler.

«IQ007»-niň «Intellektual iňlis dili» okuwy — pikirlenişi işjeňleşdirýän we ýady ösdürýän kadaly bolmadyk meseleler arkaly dili öwrenmek. Bu ugurda ýörite usulyýetiň esasynda dil öwrenmek işi adaty we çylşyrymly gönükmelere esaslanmazdan amala aşyrylýar. Çagaňyz bu ýerde dil öwrenmegi halasa gerek, ony kadaly öwrenip başlar hem-de aň taýdan görnetin kämilleşer.

«IQ etika» — bu çagalara jemgyýetde özlerini mynasyp we tertipli alyp barmak bilen bagly endikleri öwredýän meşhur ugurdyr. Munda çagalar özünde aragatnaşyk etmegi we özüni ynamly alyp barmagy terbiýeleýärler. Okuw maksatnamasy aýdym-saz, sungat, filmografiýa ýaly köp sanly wizual materiallary öz içine alýar we dürli çäreleri — restoranlara, muzeýlere, teatrlara we başga-da köp ýerlere gezelenç etmegi nazarda tutýar.

«IQ007» mekdebi çagalaryň we ýetginjekleriň okuwlara kabul edilýändigini habar bermek bilen, ähli ugurlar boýunça tölegsiz synaglyk sapaklaryna gatnaşmaga çagyrýar.

Çagany okuwa ýazdyrmak üçin şu salgylanmadaky degişli formany dolduryp ýa-da görkezilen telefon belgisi arkaly habarlaşyp bilersiňiz: (+993 71) 51 84 63. Sosial media ulgamyndaky sahypasy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň